Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde 112 göterime golaý ösüş gazanyldy

11:4029.08.2023
0
33502

«Türkmennebit» döwlet konserniniň iň baýry ýataklarynyň biri bolan «Gumdagnebit» nebit-gaz çykaryş müdirliginde şu ýylyň ýanwar — iýul aýlarynda nebit berýän guýulardan çykarylyp, gaýtadan işleýjilere ugradylan «gara altynyň» umumy möçberi 330,5 müň tonna barabar boldy. Munuň özi bellenilen meýilnamanyň 112 göterime golaý berjaý edilendigini aňladýar. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

Geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, hereket edýän guýulardan bu gymmatly çig malyň 50 müň tonnadan hem gowragy artyk çykaryldy. Gumdagly nebitçiler bu ugurdaky ösüş depginini 118 göterime barabar artdyrmagy başardylar.

Habarda bellenilişi ýaly, kärhana boýunça geçen döwürde tebigy gazyň 3 million kub metre barabary meýilnama boýunça goşmaça çykaryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň