Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa bilen söhbetdeşlik

15:4414.10.2015
0
7339

Halkara derejeli sport ussady Gülbadam Babamyradowa: “Maksadokgunlylyk, irginsiz türgenleşikler, öz-özüňe bolan ynam – üstünlik gazanmagyň esasy şerti”

— Sport älemine aralaşyşyňyz, bu ugurdaky ilkinji gadamlaryňyz barada gürrüň beräýseňiz

— Sport çagalygymdan meni diýseň gyzyklandyryp gelýärdi. Aýratyn hem sportuň göreşilýän görnüşleri meni özüne çekýärdi. Ilkibadalar men sportuň kuraş, dzýudo görnüşi bilen meşgullanýardym. Soňra sportuň bu görnüşleriniň üstüne sambo hem goşuldy. 2007-nji ýylda bolsa maňa Türkmenistanyň çempiony bolmak bagty miýesser etdi.

— Maşgalaňyz bilen hem tanyş bolaýsak. Başga-da sport bilen içgin gyzyklanýanlar barmy?

— Dogrusy maşgalamyzda sport bilen içgin meşgullanýan meniň ýeke özüm. Emma biz sagdyn durmuş ýörelgelerini hemişe berjaý etmäge çalyşýarys. Bedenterbiýe maşklaryny yzygiderli ýerine ýetirýäris.

— “Şägirt halypadan ozdurmasa kär ýiter” diýleni. Halypalaryňyz barada hem gürrüň berseňiz.

— Türgenleriň ýeňiji bolmaklary, ilkinji nobatda, tälimçileriň zähmetiniň netijesidir. Tälimçilerim barada aýtsam, ilkinji tälimçim Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Gapurjan Babakulyýew bolupdy. Soňra bolsa men sport ussady, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Çemengül Geldibaýewanyň ýolbaşçylygynda türgenleşiklerimi dowam etdirdim.

— Gülbadam, ýeri gelende gürrüňimizi gazanan ýeňişleriňiz bilen dowam edäýsek?

— Gatnaşan ýaryşlarym, gazanan ýeňişlerim barada aýtsam, 2012-nji ýylda Minskde geçirilen sambo boýunça 36-njy dünýä çempionatynda 52 kg agramda dünýä çempiony adyna; şol ýyl Stambulda geçirilen dzýudo boýunça Ýewropanyň açyk Kubogynda ýeňiji diýen ada; şol ýylyň dekabrynda Kazanda geçirilen sambo boýunça talyplaryň arasyndaky Dünýä Kubogynda altyn medala; 2013-nji ýylda Kazanda geçirilen Uniwersiadada 52 kg agrama çenli sportuň guşakly göreş görnüşinde altyn medala we sambo boýunça bürünç medala; 2014-nji ýylyň iýunynda Daşkentde geçirilen söweşjeň hem-de sport sambo boýunça Aziýanyň çempionatynda altyn medala; 2014-nji ýylda Inçhonda geçirilen Aziýa oýunlarynda kümüş medala; 2014-nji ýylda Kenardaky Aziýa oýunlarynda altyn hem-de kümüş medallara mynasyp boldum. Şeýle-de, 2014-nji ýylda Türkmenistanda iň ökde türgenleriň onlugynda birinji orny eýelemek miýesser etdi. Ine, ýaňy ýakyndaky ýeňşimi hem “Taipei – 2015” bäsleşiginde, şeýle –de                               1-nji oktýabrda Halkara dzýudo federasiýasynyň ýaryşynyň senenamasyna girýän abraýly sport bäsleşikleriniň birinde, ýagny Özbegistanyň paýtagtynda başlanan dzýudo boýunça Gran-pri görnüşindäki halkara ýaryşynda gazanypdym.

— Dünýä derejeli türgenleriň nähili dynç alýandyklary hemmeler üçin hem gyzykly bolsa gerek. Boş wagtlaryňyz nämeler bilen meşgullanmagy halaýarsyňyz?

— Nähili aýtsamkam?! Ýeňişler üznüksiz türgenleşikleri talap edýär. Şonuň üçin hem men bar wagtymy türgenleşiklere sarp etmäge çalyşýaryn. Elbetde, ýaryşlaryň, türgenleşikleriň arasynda dynç hem almaly. Ana, men şol dynç alyş döwrüm hem sportdan daşlaşmazlyga çalyşýaryn. Dost-ýarlarym bilen sportuň ýeňil görnüşleri bilen meşgullanýarys. Futbol, wolleýbol oýnaýarys. Tebigata gezelençler gurnaýarys.

 — Üstünlikleriňiziň syry nämede? Belki-de ýeňiş gazanmagyň ýollary bilen okyjylarymyzy hem tanyş edersiňiz.

—  Maksadokgunlylyk hem-de irginsiz türgenleşikler. Şeýle-de, öz-özüňe bolan ynam. Meniň pikirimçe, ýeňiş gazanmak üçin şular ýeterlik. Galyberse-de, dogry iýmitlenmek, kadaly uky, sagdyn durmuş ýörelgeleri her bir adamynyň gündelik durmuş endiklerine öwrülmelidir.

     Umuman, sport dünýäsi -  özüne çekiji, gyzykly hem çekeleşikli dünýä. Sport äleminde bir gezek ýeňiş gazananyň ýeterlik däl. Ussatlygyňy subut etmek üçin tejribäňi yzygiderli artdyryp durmaly bolýar. Şonuň üçin hem her bir türgeniň öňde goýýan maksady indiki geçiriljek bäsleşiklerde-de ýeňiş gazanmakdyr. Bilşimiz ýaly, Türkmenistan döwletimiz häzirki wagtda ýokary depginler bilen Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryny geçirmeklige taýýarlyk görýär. Men hem şol ýaryşlarda ýeňiş gazanyp, ata Watanymyzyň halkara derejesindäki abraý mertebesini has belende galdyrmagy baş maksadym edip goýýaryn.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň