Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Moldowanyň Garaşsyzlyk güni bilen gutlady

21:5127.08.2023
0
30593

Prezident Serdar Berdimuhamedow Moldowa Respublikasynyň Prezidenti hanym Maýa Sanduwa we ýurduň ähli halkyna Moldowa Respublikasynyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti, mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Maýa Sanduwa berk jan saglyk, bagtyýarlyk, Moldowa Respublikasynyň halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de ösüş we abadançylyk arzuw etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň