Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Igor Babuşkin Balkan welaýatynyň häkimini Astrahan sebitine iş sapary bilen gelmäge çagyrdy

20:3724.08.2023
0
32260

Igor Babuşkin Balkan welaýatynyň häkimini Astrahan sebitine iş sapary bilen gelmäge çagyrdy. Bu barada 23-nji awgustda Balkan welaýatynyň häkiminiň Russiýanyň Astrahan sebitiniň gubernatory Igor Babuşkiniň arasynda geçirilen onlaýn duşuşygyň dowamynda aýdyldy.

Igor Babuşkin sebitara hyzmatdaşlykda häkimleriň aýratyn ornunyň bardygyny belläp, Astrahan we Türkmenbaşy şäherleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin wekiliýetleriň özara saparlaryny guramak arkaly gatnaşyklary has-da güýçlendirmegi teklip etdi.

Mundan başga-da Astrahan sebitiniň gubernatory, akyldar, şahyr we filosof Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli sebitde iri göwrümli çäreleriň meýilnamasynyň taýýarlanylýandygy barada türkmen tarapyna habar berdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň