Aşgabatda “Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi

22:2911.10.2015
0
3231

10-njy oktýabrda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 24 ýyllygyna bagyşlanyp, “Türkmenistanda durnukly ösüşi üpjün etmegiň ileri tutulýan ugurlary” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatyň işine ýurdumyzyň ykdysady toplumynyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň, bank ulgamynyň edaralarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary gatnaşdylar. Ýurdumyzyň Ykdysadyýet we ösüş ministrligi hem-de Maliýe ministrligi maslahatyň guramaçylary boldular.

Maslahatyň barşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň durmuş-ykdysady ösüşiň ileri tutulýan ugurlary we milli ykdysadyýetimizi döwlet tarapyndan kadalaşdyrmagyň, ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny ösüşiň täze derejesine çykarmak boýunça öňde goýan möhüm wezipeleriniň has netijeli çözgüdini tapmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Maslahata gatnaşyjylaryň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, jemi içerki önümiň ösüşiniň ýokary depginleri ozaly bilen, döwlet tarapyndan düýpli maýa goýum syýasatynyň alnyp barylýandygy we daşary ýurtlaryň maýa goýumlarynyň möçberleriniň ýokarlanýandygy bilen üpjün edilýär, bu bolsa milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynyň sazlaşykly, toplumlaýyn ösmegine gönükdirilendir.

Okgunly ykdysady ösüşi üpjün etmekde ykdysady ösüşi höweslendirýän we maýa goýumlaryny önümçilige giňden çekmäge, döwlete degişli däl bölümiň ösdürilmegine gönükdirilen salgyt syýasatynyň uly ähmiýeti bardyr.

Ýygnananlaryň biragyzdan belleýişleri ýaly, şu gezekki ylmy-amaly maslahat ykdysady ylmy ösdürmek boýunça işleriň bir bölegi bolmak bilen, ýurdumyzyň mundan beýläk-de durmuş-ykdysady ösüşine uly goşant bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň