Top.Mail.Ru

«Essentuki» mineral suwunyň çüýşesiniň dizaýny täzelendi

09:5919.08.2023
0
39406

Dünýä ýüzünde giňden belli bolan «Essentuki» mineral suwlaryny öndüriji «Holding Akwa» kompaniýasy «Essentuki №4» hem-de «Essentuki №17» suwlarynyň çüýşesiniň täzelenen dizaýnyny tanyşdyrdy.

«Essentuki» muňa garamazdan adaty göwrümlerde: «Essentuki №4» — 0,45 l we 0,5 aýna çüýşede, şeýle hem 1 we 1.5 l PET gaplarda; «Essentuki №17» — 0,45 l aýna çüýşede we 1 l PET gaplarda öndürilmegini dowam etdirer.

Üýtgeşmeler aýna we PET gaplarynyň daşky görnüşlerine görnetin täsirini ýetirdi — täze dizaýn ýörite «Essentuki» brendi üçin işlenip düzüldi we bu suwuň özboluşlylygyny hem-de baý mirasyny alamatlandyrýar. Şunlukda, bu suwlaryň etiketkasynyň dizaýny öňküligine galýar.

Aýna çüýşeler indi özboluşly, lakonik we döwrebap görnüşde ýetirilýär. Çüýşäniň egninde relýef elementleri bolup, Elbrus dagynyň üstünde ganat ýaýýan bürgüdiň şekilindäki haryt nyşany we «Essentuki» ýazgysy bar.

0,5 litrlik PET gap hem aýna çüýşäniň şekiline eýerýär. Onuň egninde hem brendiň meşhur nyşany ýerleşdirilen.

1 we 1,5 litrlik PET gaplarda brendiň haryt nyşanynyň çyzgylaryny gaýtalaýan, tutuş töwerekleýin dag gerşiniň şekilleri bar; Gaplaryň her birinde göwrümli «Essentuki» / «Essentuki» ýazgysyny görmek bolýar.

Täze dizaýnyň döredilmegi bilen indi dükanlaryň tekjesinden hakyky «Essentuki» suwlaryny tapmak hasam aňsat boldy! Mundan başga-da, bellemeli ýeri «Essentukiniň» ýeke-täk öndürijisi Russiýanyň «Holding Akwa» kompaniýasydyr.

Täzelenen dizaýndaky çüýşeler ozalky gaplamalar bilen bir hatarda dükanlarda peýda bolar.

«Essentuki №4» hem-de «Essentuki №17» suwlary köp mukdarda kalsiý, natriý, kaliý, magniý, bor, kremniý ýaly peýdaly minerallary özünde jemleýär. Suwuň özboluşly düzümi hem-de Kawkaz daglarynda emele gelýän aýratyn şertleri «Essentuki» mineral suwunyň tutuş bedene oňyn täsir etmegine ýardam edýär, bedeniň sagdynlygyny ýokarlandyrmaga we daşky gurşawyň ýaramaz faktorlaryna garşy durmaga, nerw ulgamynyň işlemegini kadalaşdyrmaga, immuniteti güýçlendirmäge we sagdyn mikrobiota üçin amatly faktorlary döretmäge oňyn täsirini ýetirýär.

Bu suwy şypahanalarda 200 ýyldan gowrak wagt bäri giňden ulanmak bilen, «Essentukiniň» aşgazan-içege, bagyr we öt haltasynyň, endokrin ulgamynyň, semizlik, süýji keseli, ýokarky dem alyş ýollarynyň çylşyrymly bejergisinde we öňüni almakda, COVID-19-dan soň gaýtadan dikeldişde peýdalanmak üçin güýçli ylmy esaslary toplandy.

«Essentuki» mineral suwunyň hakykylygyny hem-de täsirliligini nädip bilmeli?

«Essentuki» suwlary GOST R 54316-2020 sanawynda mineral suwlar üçin görkezilen «Essentuki» ýatagyndaky guýulardan alynýar. Her çüýşede önüm baradaky aşakdaky maglumatlar bolýar:

  • Önümiň doly ady: «Essentuki №4» ýa-da «Essentuki №17»;
  • «Essentuki» suw ýatagynyň görkezilmegi;
  • Daglaryň we bürgütli haryt nyşanynyň bolmagy;
  • mineral suwlar üçin GOST R 54316-2020 belgisi;
  • öndüriji: «Holding Akwa».

Öndüriji «Holding Akwa» her ýylda PET gaplaryndaky plastmassanyň mukdaryny azaldyp, daşky gurşawy gorap saklamagyň täsirli we durnukly ösüş ýörelgelerine eýerýär.

Türkmenistanda «Essentuki №4» we «Essentuki №17» mineral suwlaryny «Holding Akwa» kompaniýasynyň resmi paýlaýjysy üpjün edýär. Brendiň bu önümlerini dükanlardan, supermarketlerden, onlaýn dükanlardan, şeýle hem bazarlardaky söwda nokatlaryndan satyn alyp bolýar.

Habarlaşmak üçin paýlaýjynyň telefon belgileri: (+993 12) 46 37 87, (+993 12) 46 37 88.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň