Türkmenistan bilen Eýran tozanly tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmekçi

18:3016.08.2023
0
48109

Türkmenistan bilen Eýran soňky ýyllarda howanyň üýtgemegi sebäpli ýygy-ýygydan ýüze çykýan tozanlar we tozanly tupanlara garşy göreşmekde hyzmatdaşlyk etmekçi.

«Iran Press»-iň habaryna görä, Eýranyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň daşky gurşawy goramak boýunça orunbasary Iraj Heşmati sişenbe güni Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri Çarygeldi Babanyýazow bilen onlaýn duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşlikde howanyň üýtgemeginiň sebite edýän täsiri, hususan-da tozanly tupanlaryň ýüze çykmagy barada pikir alyşdylar.

Taraplar tejribe alyşmagyň we iki ýurduň arasyndaky tozan merkezlerine meýdan saparlarynyň möhümdigini aýtdylar. Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ministri daşky gurşawy we biologiki dürlüligi goramagyň global ähmiýetine ünsi çekip, bu babatda ähli ýurtlaryň hyzmatdaşlygynyň zerurdygyny belledi.

Ç.Babanyýazow tozana we çölleşmege garşy göreşmek boýunça dürli ösümlikleri ösdürmegiň möhümdigini belläp, Türkmenistanyň Eýran we sebitiň beýleki ýurtlary bilen daşky gurşaw meselelerinde hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýtdy.

Tozanly tupanlar howanyň hiliniň ýaramazlaşmagyna we dürli kynçylyklaryň döremegine sebäp bolýan daşky gurşaw meselesidir. Tozanly tupanlaryna garşy göreşde Eýran bilen Türkmenistanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk bu meseläni çözmekde möhüm ädim bolup biler. Bu barada «Newscentralasia» ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň