Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

2024-nji ýylda iň ýokary derejede yssy howa bolar diýlip çaklanýar

14:5616.08.2023
0
49194

Alymlaryň çaklamalaryna görä, 2023-nji ýylyň synlamalaryň bütin taryhynda iň yssy ýyl boljakdygynyň ähtimallygy 50 göterimi düzýär. Emma öňdäki 2024-nji ýyl mundan hem yssy bolup biler.

Bu barada ABŞ-nyň Milli umman we howa barlaglary edarasynyň baş ylmy işgäri Sara Kapnik beýanat berdi diýip, «MIR 24» ýazýar.

Goddard adyndaky NASA kosmos barlaglary institutynyň direktory Gewin Şmidt 2024-nji ýylyň üstümizdäki ýyldan hem yssy boljakdygyny çaklaýar. Munuň sebäbi Ýuwaş ummanyň ekwator suwlarynyň üstünde howanyň temperaturasynyň üýtgäp durmagyny aňladýan El-Nino hadysasydyr. El-Nino howa ählumumy derejede täsir etmek bilen, maýlamany we adatdan daşary tebigy betbagtçylyklary alyp gelýär.

Şmidtiň çaklamasyna görä, 2024-nji ýylda El-Nino iň ýokary derejä ýeter. Şonuň bilen baglylykda, howanyň häzirkisinden hem gyzmagyna garaşyp bolar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň