Ysraýyl Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ysmaýyl Haldi Aşgabatdaky mümkinçiligi çäkli çagalar üçin sagaldyş we dikeldiş merkezine baryp gördi.
Ilçi haýyr-sahawat gatanjy hökmünde çagalar üçin kanselýariýa harytlaryny merkeziň ýolbaşçylaryna gowşurdy. Bu barada Ysraýylyň ilçihanasynyň sosial ulgamlarynda habar berildi.
Ozal Ysraýylyň Türkmenistandaky ilçisi Ysmaýyl Haldi bilen söhbetdeşligi çap edipdik.