«Hermitage Home Interiors» öňdebaryjy ýewropaly dizaýnerleriň garderob ulgamlaryny hödürleýär

09:5309.08.2023
0
34821

Ýewropa görnüşindäki «lýuks» interýerleriň önümçiligine ýöriteleşen «Hermitage Home Interiors» interýer salony Italiýanyň öňdebaryjy mebel öndürijileriniň garderob ulgamlaryny hödürleýär.

«Hermitage Home Interiors-yň» garderob ulgamlary we gurnama şkaflary her bir müşderiniň ýaşaýyş durmuşyny, gyzyklanmalaryny we isleglerini şöhlelendirýän özboluşly hem-de gaýtalanmajak keşbi, şeýle hem modully gurnama ýörelgesini ulanmak mümkinçiligi bilen tapawutlanýar. Ölçegleri, bölümleriň we tekjeleriň sany, esbaplary we bezegi, reňki we stilistik çözgütler – bularyň ählisi müşderiniň isleglerine laýyklykda saýlanylýar.

«Hermitage Home Interiors» salonynda «Pianca» we «Poliform» kärhanalarynyň garderob ulgamlary hödürlenýär. Owadan Ýewropa dizaýny, garderoblaryň köpmaksatlylygy olaryň saklaýyş bölümleriniň giňişligini has netijeli peýdalanmaga we öýüň ýa-da jaýyň içki bezegi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirmegine mümkinçilik berýär.

Bu ýerde taýýar garderoblar hem bar, şeýle-de katalogdaky nusgalar ýa-da hususy taslama esasynda sargyt etmek mümkindir.

Italýan garderob ulgamlarynyň dürli görnüşleri bilen tanyşmak üçin «Hermitage Home Interiors» interýer salonyna baryp görüň. Tejribeli geňeşçiler öýüňiziň stil aýratynlyklaryny ýüze çykarjak we otagyň içki guramaçylygyny gowulandyrjak ajaýyp çözgüdi saýlamaga kömek ederler.

«Hermitage Home Interiors» interýer salony alyjylaryna şu salgyda garaşýar: Aşgabat, Mollanepes köç., 27-nji jaý, «Dürdaneli» binasy, «Hermitage» mebel sergiler otagy. Habarlaşmak üçin telefon belgisi: (+993 12) 41 59 02.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň