Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistan syýahatçylyk pudagynda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Maksatnama taýýarlaýar

11:0207.08.2023
0
46312

Türkmenistanyň ägirt uly syýahatçylyk mümkinçiliklerini ösdürmek üçin halkara syýahatçylyk guramalary bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek, pudagyň daşary ýurt wekilleri bilen tejribe alyşmak zerur bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan 2024–2025-nji ýyllar aralygynda syýahatçylyk pudagynda ýurduň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça Maksatnama taýýarlaýar diýip, «CentralAsia.news» habar berýär.

Habar berlişi ýaly, bu Maksatnamanyň durmuşa geçirilmegi ýurtda syýahatçylyk pudagynyň ösüş derejesini täze derejelere çykarar.

Maksatnama daşary ýurtly syýahatçylar üçin Türkmenistanyň syýahatçylygynyň özüne çekijiligini ýokarlandyrmaga, ýurduň ýaşaýjylary üçin meşhur syýahatçylyk ýerleriniň sanawyny artdyrmaga gönükdirilendir.

Mundan başga-da, Maksatnamada wiza düzgünini ýeňilleşdirmek we onuň hukuk binýadyny gowulandyrmak boýunça çäreler göz öňünde tutulýar.

Pandemiýa döwründäki çäklendirmelerden soň Türkmenistanyň syýahatçylyk pudagy çalt depginde janlanýar, halkara howa gatnawlary dikeldilýär we syýahatçylyk maksady bilen daşary ýurda gidýän türkmen raýatlarynyň sany artýar.

2023-nji ýylyň birinji ýarymyndaky ýagdaýa görä, Türkmenistanyň raýatlary üçin Türkiýä, Russiýa, Hytaýa, Birleşen Arap Emirliklerine, Hindistana, Germaniýa we Angliýa göni gatnawlar amala aşyrylýar.

Ýurduň syýahatçylyk kompaniýalary Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna Gazagystan, Özbegistan, Azerbaýjan, Türkiýe, Hytaý, Taýland, Rumyniýa, ABŞ we Birleşen Arap Emirlikleri ýaly ýurtlara syýahat etmäge mümkinçilik berýär. Şengen zolagynyň ýurtlaryna — Germaniýa, Italiýa, Awstriýa, Fransiýa, Ispaniýa syýahatlar türkmen raýatlarynyň arasynda örän meşhurdyr.

Türkmenistanda içerki syýahatçylyk ugurlaryna-da isleg uly. Türkmen syýahatçylyk operatorlarynyň teklipleriniň arasynda Gadymy Merwe, Gadymy Nusaýa, Köneürgenjiň orta asyr arhitekturasynyň ýadygärliklerine, «Derweze» gaz kraterine, Köýtendagdaky dinozawryň aýak yzlaryna, Köw-ata ýerasty kölüne gezelençler bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň