Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň gümrük gullugynyň işgärleri konteýner gatnawyna gözegçilik etmek boýunça okuwlara gatnaşdy

09:5305.08.2023
0
41110

2023-nji ýylyň 24-nji iýulyndan 28-nji iýuly aralygynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň hem-de Bütindünýä gümrük guramasynyň Konteýner gatnawlaryna gözegçilik etmek boýunça Ählumumy maksatnamasynyň çäginde Türkmenbaşy (Türkmenistan) halkara deňiz portunyň we Alýat (Azerbaýjan) halkara deňiz portunyň Port Gözegçilik toparlarynyň agzalary üçin bilelikdäki amaly okuw çäresi geçirildi.

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň resmi saýtynda berilýän habara görä, çäräni Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe we jenaýatçylyk baradaky müdirliginiň Merkezi Aziýadaky sebitleýin wekilhanasy gurady.

Habarda bellenilişi ýaly, okuw çäresini Bütindünýä gümrük guramasynyň bilermenleri alyp bardylar. 24-25-nji iýulda türgenleşik türkmen tarapynda, 26-njy iýuldan 28-nji iýul aralygynda Baku şäherindäki Alýat deňiz portunda geçirildi. Amaly okuwyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar haryt ulag resminamalaryny seljermek, ýükleriň gümrük barlagy hem-de Türkmenbaşy — Alýat, Alýat — Türkmenbaşy ugurlary boýunça geçýän ýolagçylaryň sanawlaryny seljermek ýaly amallary bilelikde geçirip, özara tejribe alyşdylar.

Bu çäre harytlaryň bikanun dolanyşygynyň hem-de beýleki guramaçylykly jenaýat işleriniň öňüni almak bilen deňiz gatnawlarynda töwekgelçiligi azaltmak, bu bilen bagly Port gözegçilik topar agzalarynyň hünärini ýokarlandyrmak we tejribelerini artdyrmak, mundan başga-da iki döwletiň Türkmenbaşy we Alýat deňiz portlarynyň özara gatnaşyklary ösdürmek maksatlaryna gönükdirilendir.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň