Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda halkara mediýa-hyzmatdaşlyk festiwaly geçirilýär

10:3928.07.2023
0
24302

Habar beriş serişdelerinde işewürlik, medeniýet we häzirki zaman tehnologiýalary boýunça işleýän hünärmenlerdir öňdebaryjylar «Go Viral Ashgabat 2023» halkara festiwala gatnaşmak üçin Aşgabada ýygnanarlar. Forum 28-29-njy iýulda «Arçabil» myhmanhanasynda geçirilýär.

Aşgabat festiwalyny guraýjylar oňyn ösüşiň çäginde Merkezi Aziýa ýurtlaryndan döredijileriň, täzelikçileriň, başlangyç toparlarynyň, döredijilik adamlarynyň täzeçil pikirlerini birleşdirmekçi.

«Go Viral» festiwalynyň esasy maksady ýaş hünärmenler bilen iş berijileriň arasynda özara gatnaşyklary ösdürmek, şeýle hem işewürlik, tehnologiýa we medeni ugurlarda toplumlaýyn döredijilik taslamalary bilen ruhlanan topar döretmekden ybaratdyr.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň