«Türkmenistan» awiakompaniýasynyň 2023-nji ýylyň 2-nji awgustyndan başlap, Aşgabat — Moskwa — Aşgabat we Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlaryndaky gatnaw tertibi belli boldy.
Uçuş tertibi boýunça her howa menzili üçin ýerli wagt görkezilýär.
Aşgabat — Kazan — Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlar hepdede bir gezek — çarşenbe güni amala aşyrylýar:
Aşgabat (ASB) — Kazan (KZN), T5-737 gatnawy
- uçuş 15:30-da;
- gonuş 16:30-da.
Kazan (KZN) — Aşgabat (ASB), T5-738 gatnawy
- uçuş 18:05-de;
- gonuş 23:05-de.
Aşgabat — Moskwa — Aşgabat ugurlary boýunça uçuşlar hepdede dört gezek — sişenbe, çarşenbe, anna we şenbe günlerinde amala aşyrylýar:
Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-703 gatnawy
- uçuş 18:50-de;
- gonuş 20:50-de.
Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-704 gatnawy
- uçuş 22:45-de;
- gonuş 04:35-de.
Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-725 gatnawy
- uçuş 18:50-de;
- gonuş 20:50-de.
Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-726 gatnawy
- uçuş 22:20-de;
- gonuş 04:10-da.
Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-723 gatnawy
- uçuş 05:05-de;
- gonuş 07:05-de.
Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-724 gatnawy
- uçuş 08:35-de;
- gonuş 14:25-de.
Aşgabat (ASB) — Moskwa (DME), T5-705 gatnawy
- uçuş 13:10-da;
- gonuş 15:10-da.
Moskwa (DME) — Aşgabat (ASB), T5-706 gatnawy
- uçuş 17:10-da;
- gonuş 23:00-da.
Täze meýilnama laýyklykda, «Türkmenistan» awiakompaniýasynyň uçarlarynyň 8 ýurt boýunça 9 ugra gatnawlary amala aşyrjakdygyny bellemelidiris.
Awiakompaniýanyň halkara aragatnaşyk ulgamy Deli (Hindistan), Dubaý (BAE), Maýyn boýundaky Frankfurt (Germaniýa), Kazan (Russiýa), Moskwa (Russiýa), London (Beýik Britaniýa), Pekin (Hytaý) we Stambul (Türkiýe) ýaly şäherleri öz içine alýar.
Uçuş tertibi we petekler boýunça has giňişleýin maglumatlary awiakompaniýanyň resmi web sahypasyndan ýa-da iOS we Android üçin niýetlenen ykjam programmasyndan alyp bilersiňiz.