Soňky habarlar

Arhiw

Janly tebigatyň milli muzeýinde dürli yklymlardan ýygnalan ösümlik we haýwanat dünýäsiniň wekilleri bar

17:3726.07.2023
0
51981

Köpetdagyň tebigatynyň geň-enaýy ýerleri sanardan kän. Bu ýerde ýerleşýän Janly tebigatyň milli muzeýi özboluşlyly bilen tapawutlanýar. Janly tebigatyň milli muzeýi çagalaryň gyzyklanmalar dünýäsine täzelikleri eçilse, ulularyň wagtyny hoş geçirip, gözellikden lezzet almaklaryna mümkinçilik berýär diýip, «Türkmenistan» gazetinde habar berildi.

40 gektardan gowrak meýdany eýeleýän muzeýe doly aýlanyp çykmak üçin birnäçe sagat wagt gerek.

Janly tebigatyň milli muzeýi dört zolaga bölünýär. Afrika sawannasy we ýyrtyjy haýwanlaryň mekany onuň gündogar, toýnakly haýwanlaryň ýaşaýan ýeri hem-de guş bazary günbatar böleklerinde ýerleşýär. Bu ýerde haýwanlaryň her görnüşi üçin açyk asmanyň astyndaky daşy aýlawly uly meýdançalara çykalgasy bolan gyşky jaýlar bar. Giň wolýerler (haýwan saklanýan demir gözenekli jaý), belentde ýerleşen guş höwürtgeleri, emeli suw howdanlary, akwariumlar, maýmynlaryň ýeri we terrarium, aýlawly at ýataklarydyr meýdançalar hem janly-jandarlaryň hyzmatynda. Muzeýde Günorta Afrikanyň haýwanat dünýäsiniň wekilleri bilen birlikde, ýurdumyzyň daglarynda, sähra-düzlerinde, suwlarynda we tokaýlarynda ýaşaýan hem-de milli goraghanalaryň gymmatly genofondyny düzýän, Aşgabadyň haýwanat bagynda saklanýan jandarlar, guşlar-da bar. Bu ýerde tebigy dünýäniň özge yklymlardan getirilen wekillerine-de duşmak mümkin.

Janly tebigatyň hakyky muşdaklary üçin bu ýerde ýabany ýyrtyjylaryň we öý haýwanlarynyň, guşlaryň, süýrenijileriň, suwasty jandarlaryň 250-den gowrak görnüşi bilen tanyşmak mümkinçiligi bar. Ýeri gelende bellesek, muzeýdäki haýwanlaryň aglabasy Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilendir. Muzeýiň «Afrika sawannasynda» yssy çölleriňdir düzlükleriň peýwagtyna gezip ýören wekilleri mesgen tutupdyrlar.

Olaryň arasynda düýeguşlar we ot iýýän haýwanlar — gäwmüşler, ak kerkler, zebralar, şa žiraflary we iki örküçli düýeler bar. Ýyrtyjylaryň mesgeni nil krokodiliniň akwatoriýasyndan başlanýar. Onuň bilen goňşuçylykda terrarium ýerleşýär. Onda ýylanlaryň dürli görnüşi saklanýar.

Haýwanat dünýäsi geň-taňlyklaryň dürli görnüşlerine baýlygy bilen tapawutlanýar. San-sajaksyz owadan görnüşleri özünde jemleýän Janly tebigatyň milli muzeýine bir gelip görenleriň oňa ýene-de gelesi gelýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň