Futzal boýunça Merkezi Aziýanyň çempionatynyň 2-nji tapgyry hem garaşylmadyk netijelere baý boldy. Eger çempionatyň birinji gününde türkmen futzalçylary Eýranyň ýygyndysyny ýeňip, sport jemgyýetçiliginde uly seslenme döreden bolsalar, ikinji gününde Owganystanyň ýygyndysynyň özbek futzalçylaryndan üstün çykmagy ýene bir uly seslenmä sebäp boldy. Duşuşyk 4:3 hasabynda Owganystanyň ýygyndysynyň ýeňşi bilen tamamlandy.
Özi hem owgan futzalçylarynyň ajaýyp kembeki amala aşyrandygyny hem aýtmak gerek. Duşuşygyň heniz 2-nji minudynda Hamid Reza Hossaýniniň geçiren goly bilen öňe saýlanana n hem bolsalar, owgan futzalçylary Husniddin Nişonowyň het –trigine ― 20-nji minutdaky iki we 28-nji minutdaky gollaryna birbada jogap tapyp bilmediler. Ýöne şondan soň 34-nji, 37-nji we 40-njy minutlarda Seid Hosseýn Musawi, Mohammad Ali-Faýazi we Reza Hosseýn Pur tapawutlanyp, owgan ýygyndysyna bassyr ikinji ýeňşi getirdiler. Owganystanyň dördünji golunyň awtory duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlanyldy.
Şeýle hem düýn Eýranyň ýygyndysy gyrgyz futzalçylaryny 1:0 hasabynda ýeňdi. Duşuşykdaky ýeke-täk goly 38-nji minutda Mahdi Rostami geçirdi.
Şeýlelikde, yzda galan iki tapgyrdan soň Owganystanyň ýygyndysy 6 utuk bilen ýaryşyň başyny çekýär. Her haýsy 3 utuk toplan ýygyndylardan Özbegistan ikinji, Täjigistan üçünji, Türkmenistan dördünji, Eýran bolsa bäşinji orunda. Gyrgyz ýygyndysynyň heniz utugy ýok.
Ýaryş tertibi türkmen futzalçylarynyň ilkinji üç ornuň birini eýelemäge bolan mümkinçiliginiň bardygyny görkezýär.