Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde 2015-nji ýylyň 29—30-njy sentýabry aralygynda «Syýahatçylyk we gezelenç» atly halkara sergisini we maslahatyny geçirýär. Sergi Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky «Seýrana» myhmanhanasynda geçirilýär.
Sergä Türkmenistanyň dahylly ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň bilermenleri hem-de hünärmenleri, Syýahatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary, türkmen işewürleri şeýle hem daşary ýurt kompaniýalarynyň wekilleri gatnaşarlar.
Serginiň iş wagtlary:
29-njy sentýabrda sagat 10-00-dan 20.00-a çenli;
30-njy sentýabrda sagat 10.00-dan 17.00-a çenli.