ABŞ-nyň Halkara ösüş guramasy (USAID) we Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi (TSTB) Türkmenistanda hususy pudagy ösdürmek maksady bilen özara düşünişmek barada Ähtnama gol çekdiler.
«Biznes Türkmenistan» internet saýtynyň habar bermegine görä, resminama iýul aýynyň başynda gol çekildi.
Özara düşünişmek barada Ähtnama hususy pudagyň önümleriniň we hyzmatlarynyň eksportyny giňelder, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrar we maýa goýum ýagdaýyny gowulandyrar, şeýle hem ýurtda zenanlar we ýaşlar üçin ykdysady mümkinçilikleri artdyrar.
Hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary sanlylaşdyrmak, elektron söwda, innowasiýa we hususy pudagy döwrebaplaşdyrmak üçin täze tehnologiýalar bolar.
Özara düşünişmek baradaky Ähtnama Türkmenistanyň hususy pudagyny ösdürmekde we ýurdy ykdysady taýdan ösdürmekde möhüm ädim boldy. USAID 2008-nji ýyldan bäri ýurduň işewürlerini özünde jemleýän TSTB bilen Türkmenistanda bäsdeşlik esasynda amatly işewürlik gurşawyny döretmek boýunça hyzmatdaşlyk edýär.
Ýeri gelende bellesek, häzirki wagtda TSTB-niň agzalarynyň söwda boýunça haryt dolanyşygynyň depgini, 2008-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 39,3 esse ýokarlandy.