Birleşen Arap Emirlikleriniň Ras-el-Haýma emirliginde Täze ýyl dronlarynyň we feýerwerkleriniň tomaşasy wagtynda iki sany täze dünýä rekordy goýuldy.
Bu barada Emirligiň Turizmi ösdürmek boýunça edarasynyň (RAKTDA) metbugat gullugyna salgylanýan «Report» habar berdi.
Rekordlar «Dronlar arkaly howada iň uly agajyň şekiliniň döredilendigi üçin» we «Dronlar arkaly howada iň uly deňiz balykgulagynyň döredilendigi üçin» diýen ugurlar boýunça bellige alyndy.
«Our Story in the Sky» şowhuny Emirligiň taryhyna we medeniýetine bagyşlandy. Dört kilometrlik deňizýaka bölekde dronlaryň, lazerleriň we feýerwerkleriň üsti bilen üç sagatlyk tomaşa görkezildi. Üç bölümden ybarat bolan şowhunda Emirligiň ekologik ulgamy, deňiz mirasy we merjen alnyşy hem-de deňizçiligiň taryhy şöhlelendirildi.