Soňky habarlar

Arhiw

Saidmurod Dawlatow Türkmenistanda işewürligi ösdürmegiň geljegine baha berdi

23:5930.06.2023
0
36252

30-njy iýunda Arkadag şäherinde Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi tarapyndan guralan ilkinji halkara maýa goýum forumy geçirildi.

Foruma halkara guramalaryň we kompaniýalaryň wekilleri, söwda we maliýe kompaniýalarynyň ýolbaşçylary we beýleki myhmanlar gatnaşdylar. Forumda çykyş edenleriň biri tanymal işewürlik sapaklaryny beriji, ykdysady ylymlaryň doktory, şahsyýetiň ösüşi barada birnäçe kitaplaryň awtory Saidmurod Dawlatow boldy.

Ol öz çykyşynda köp ýyllyk tejribesini diňleýjiler bilen paýlaşyp, türkmen we daşary ýurt kompaniýalarynyň arasynda sinergiýa döretmegiň ähmiýetine ünsi çekdi hem-de täze açylan, «akylly» şäher konsepsiýasy esasynda gurlan Arkadag şäheriniň maýa goýum mümkinçilikleri barada belläp geçdi.

Ilkinji gezek Türkmenistana sapar edýän Dawlatow häzirki wagtda türkmen bazarynda bar bolan maýa goýum mümkinçiliklerini oňyn bahalady. Işewürlik sapaklaryny beriji ýurtda bar bolan işewürlik we maýa goýum gurşawy, şeýle hem, Türkmenistanyň Hökümetiniň goldawy bilen döredilýän mümkinçilikler arkaly türkmen telekeçileriniň önümleriniň dünýä bazarynda bäsleşip biljekdigine ynam bildirdi.

«Akylly» şäheriň açylyşy barada teswir beren Dawlatow Arkadagyň tehnologiýa we geljege maýa goýumlary çekmek arkaly ýurduň ykdysadyýetini ösdürmek üçin täze şertleri döredýändigini nygtady. Mundan başga-da, hut özüniň hem Türkmenistana maýa goýmak isleýändigini, sebäbi munuň üçin uly mümkinçilikleri görýändigini mälim etdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň