Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi

06:2215.09.2015
0
1254

14-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky täze gurlup ulanylmaga berlen 10 gatly “Olimpiýa” myhmanhanasynda Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň Utgaşdyryjy komitetiniň ikinji mejlisi geçirildi.

Esasan, Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryna görülýän taýýarlyklary ara alyp maslahatlaşmaga bagyşlanan bu geňeşe sebitiň we dünýäniň iri sport guramalaryndan hünärmenleriň onlarçasy gatnaşdy. Mejlisiň barşynda Türkmenistanda türgenleriň we meýletinçileriň taýýarlygy babatda alnyp barylýan işler bilen hem tanyşdyryldy. 34-nji Baş Assambleýasynyň öňüsyrasynda geçirilen bu mejlis şu ýylyň fewral aýynda geçirilen birinji mejlisiň gönüden göni dowamydyr.

Mejlisiň barşynda V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky Ýerine ýetiriji komitet tarapyndan alnyp barylýan işleriň hasabaty berildi. Şol hasabatda Olimpiýa şäherjiginiň gurluşygy hakynda hem aýdyldy. Myhmanlar çykyşlarynda Türkmenistanyň oýunlara diňe bir guramaçylyk babatynda däl-de, eýsem ussat türgenleri ýetişdirmek babatda hem ýokary derejede taýýarlyk görýändigi barada bellediler.

Merkezi Aziýa sebitinde ilkinji bolup bu abraýly oýunlary kabul etmek hukugyna Türkmenistanyň  eýe bolmagy  ýurduň dünýädäki abraýyny has-da belende göterýär. Bu günki maslahatda edilen çykyşlar bu abraýly sport ýaryşyny üstünlikli geçirmek üçin ädilen ýene bir ädimdir.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň