Top.Mail.Ru

Aşgabatda TÜRKSOÝ-nyň hudožnikleriniň we suratçylarynyň sergisi açyldy

12:5126.06.2023
0
33706

Aşgabatda Türki döwletleriň Medeniýet hepdeliginiň çäginde Şekillendiriş sungaty muzeýinde TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan serginiň açylyş dabarasy geçirildi.

Dabara gatnaşyjylary Türki medeniýetiň halkara guramasynyň Baş sekretary Sultan Raýew we Türkmenistanyň medeniýet ministri A.Şamyradow garşy aldy. Olar häzirki medeni çäräniň doganlyk halklaryň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlygy berkitmekde ähmiýeti barada bellediler. Şeýle hem taraplar ýadygärlik sowgatlaryny alyşdylar.

Sergide hödürlenen suratlaryň mowzugy TÜRKSOÝ-a agza ýurtlaryň taryhy, tebigy we binagärlik ýerleri, türk halklarynyň özboluşly däp-dessurlaryny özünde jemleýär.

Sergilenen eserleriň arasynda TÜRKSOÝ-nyň 30 ýyllygyna bagyşlanan «Ýaş suratkeşleriň gözi bilen türk dünýäsi» bäsleşigine gatnaşyjylaryň suratlary hem bar. Olar tomaşaçylara eserleriniň üsti bilen öz ýurduna we türk dünýäsine açyk, mähirli duýgulary we söýgini ýetirýärler.

Şeýle hem sergä gelenler türk halklarynyň medeni mirasyna bagyşlanan baý suratly neşir önümleri bilen tanyşmaga mümkinçilik alarlar.

Sergä giriş mugt.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň