Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda Gurban baýramy mynasybetli üç gün dynç güni diýlip yglan edildi, Arkadag şäheriniň açylyş dabarasynyň senesi yglan edildi, Türkmenistan Hytaýa ýylda 40 milliard kub metre çenli gaz iberip başlady we beýleki habarlar

12:5617.06.2023
0
25693

Türkmenistanda

1. Türkmenistanyň Prezidenti 28-29-30-njy iýunda ýurdumyzda Gurban baýramyny bellemek hakyndaky Permana gol çekdi. Şu Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär. Gurban baýramynyň bellenilýän günleri Türkmenistanda iş güni däl diýlip yglan edilýär.

2. 29-njy iýunda Arkadag şäheriniň açylyş dabarasy bolar. Prezident Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisinde degişli Karara gol çekdi. Takmynan, 70 müň adamyň ýaşajak Arkadag şäheri türkmen paýtagtyndan 30 km günorta-günbatarda 950 gektar meýdanda gurulýar.

3. Türkmenistan – Özbegistan – Gazagystan – Hytaý turba geçirijisi arkaly iberilýän tebigy gazyň ýyllyk mukdary, takmynan, ýylda 40 milliard kub metre deňdir. Bu barada «Türkmengaz» Döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary Myrat Arçaýew Aşgabatda geçirilen halkara ylmy maslahatda eden çykyşynda belläp geçdi. Arçaýewiň bellemegine görä, Hytaý türkmen tebigy gazyny iň köp import edýän ýurtdur. Geljekde iberilýän tebigy gazyň ýyllyk mukdary 65 milliard kub metre çenli artdyrylar.

4. Prezident Serdar Berdimuhamedow 2023-2024-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Bütindünýä metan borçnamasyna goşulmak meselesini öwrenmäge gönükdirilen halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça «Ýol kartasyny» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasyny tassyklady. Resminama laýyklykda, degişli ministrliklere we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryna «Ýol kartasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasynda bellenilen çäreleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek tabşyryldy.

5. Täjigistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Farruh Homiddin Şerifzoda ýurtdaky wezipesini tamamlaýar. Şunuň bilen baglylykda, ol Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen duşuşdy. Ministr türkmen-täjik gatnaşyklarynyň ösmegine goşan goşandy üçin ilçä minnetdarlyk bildirdi. Taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky möhüm meseleleri we hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar.

Dünýäde

6. Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin ilkinji zenan kosmonawt Walentina Tereşkowany onuň kosmosa uçmagynyň 60 ýyllygy mynasybetli «Gagarin» ordeni bilen sylaglady. Permana laýyklykda, Tereşkowa kosmos giňişligini özleşdirmekde bitiren hyzmatlary, kosmos taryhy uçuşyny amala aşyrmagyň dowamynda görkezen edermenligi we yhlasy üçin sylaglandy.

7. Gazagystan Ysraýyl bilen göni howa gatnawyny ýola goýýar. «Air Astana» kompaniýasy 2023-nji ýylyň 7-nji sentýabryndan başlap, Almatydan Tel-Awiw şäherine hepdede iki gezek «Airbus 321» uçary bilen gatnaw amala aşyrar. Ysraýyl bilen howa gatnawynyň ýola goýulmagy iki ýurduň arasynda syýahatçylyk, medeni we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer.

Sport habarlary

8. Eýranyň milli ýygyndysy Merkezi Aziýanyň futbol assosiasiýasynyň Milletler Kubogynda topaçanyň birinjiligi ugrundaky duşuşykda Gyrgyzystanyň toparyny 5:1 hasabynda ýeňdi. Ýeňijileriň düzüminde Mehdi Taremi het-trik bilen, Serdar Azmun bolsa iki pökgi bilen tapawutlandy. Garşydaşyň düzüminde bolsa Mirlan Murzaýew derwezä pökgi geçirmegi başardy. 20-nji iýunda Eýranyň milli ýygyndysy CAFA Nations Cup-2023 çempionatynyň finalynda, Gyrgyzystan bolsa 3-nji orun ugrundaky oýunda oýnar. Olaryň garşydaşlary şu gün Özbegistan – Täjigistan we Türkmenistan – Oman duşuşyklarynyň netijelerinden soň kesgitlener.

9. Garyşyk görnüşli söweş sungaty boýunça türkmen türgeni, ýarymagyr agram derejesiniň wekili Döwletjan Ýagşymyradow, «Gurulyş: Osman» atly türk serialynyň dördünji möwsüminiň surata düşüriliş işlerine gatnaşýar. Ýagşymyradow güýçli imperiýa döreden Osman begiň wepaly esgeri – konýaly Balaban Alpyň keşbini janlandyrýar. Ýagşymyradowyň çykyş edýän täze bölümi eýýäm «ATV» ýaýlymynda tomaşaçylara ýetirildi.

10. Türkmen futbol emini Resul Mämmedow Aziýa Futbol Konfederasiýasynyň howandarlygyndaky ýaryşlarda eminleriň saýlama derejesinde işlär. Işe kabul etmegiň soňky tapgyrynda Resul Mämmedowyň işi AFK-nyň we FIFA-nyň hünärmenleri tarapyndan gözden geçirildi.

11. «Napoliniň» baş tälimçisi wezipesine fransuz hünärmen Rudi Garsiýa bellenildi. Şertnamanyň mazmuny heniz mälim edilmedi. Neapolitanlaryň baş tälimçisi hökmünde Garsiýa topara 33 ýyldan soň ilkinji gezek çempionlyk gazanmaga kömek eden Luçano Spallettiniň ornuna geçdi. Maý aýynda «Napoliniň» prezidenti Aurelio De Laurentiis Spallettiniň möwsümiň ahyrynda topardan çykjakdygyny habar beripdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň