Türkmen halkynyň milli baýramy bolan Gurban baýramy 2023-nji ýylyň 28-29-30-njy iýuny günlerinde belleniler. Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli Permana şu gün Arkadag şäherinde geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin göçme mejlisiniň barşynda gol çekdi. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi.
Bellenilişi ýaly, resminama türkmen halkynyň asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan ruhy-ahlak gymmatlyklaryny aýawly saklamak, ata-babalardan miras galan milli däp-dessurlaryny yzygiderli ösdürmek, sahawatlylyk, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýaly asylly ýörelgelerinden ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe merdana, ruhubelent türkmen halkynyň agzybirligini, jebisligini has-da berkitmek maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Zähmet kodeksiniň 81-nji maddasyna laýyklykda kabul edildi.
Resminamada Permanyň ýerine ýetirilmegini eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli edaralaryň, kärhanalaryň we guramalaryň üpjün etmelidigi bellenilýär.
Gurban baýramy yslam dünýäsinde iki sany esasy baýramyň biri bolup, ol beýleki bir möhüm baýram — Oraza baýramyndan 70 gün soňra bellenilýär. Döwlet Baştutanynyň ýörite Permany esasynda, şol baýramçylyk günleri Türkmenistanda iş günleri däl diýlip yglan edilýär.