Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen lukmançylyk uniwersiteti Semmelweýs uniwersiteti bilen hyzmatdaşlyk Ylalaşygyna gol çekdi

14:4309.06.2023
0
55250

Şu gün Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orbanyň Türkmenistana resmi saparynyň çäginde Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Semmelweýs uniwersitetiniň arasynda akademiki we ylmy hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ylalaşyga gol çekildi.

Türkmen-wenger gepleşikleri tamamlanandan soň, dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyga degişli 8 resminama gol çekilendigi habar berildi.

Semmelweýs uniwersiteti Wengriýanyň iň köne lukmançylyk uniwersiteti bolup, ol 1769-njy ýylda Trnawa uniwersitetiniň (soňra Budapeşt uniwersiteti boldy) lukmançylyk fakulteti hökmünde döredildi.

2000-nji ýylyň ýanwar aýynda Semmelweýs lukmançylyk uniwersiteti Imre Haýnal adyndaky saglyk ylymlary uniwersiteti we Bedenterbiýe uniwersiteti bilen birleşdi.

Bilelikdäki uniwersitet Semmelweýs uniwersiteti diýlip atlandyryldy. Bu ýerde üç dilde — wenger, nemes we iňlis dillerinde sapak berilýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň