Arhiw

Italiýada dünýäde iň uly lakga balygy tutuldy

10:0007.06.2023
0
34888

Italiýada dünýäde iň uly lakga balygy tutuldy, balykçy Alessandro Býankardi tarapyndan ýurduň iň uzyn Po derýasyndan tutulan ýaýyn balygyň boýy 285 santimetre deň diýip, «Habar 24» ýazýar.

Erkek kişi öz awuny uzak wagtlap sabyrlylyk bilen yzarlapdyr. Býankardi indi öň uzynlygy 281 santimetr bolan ýaýyn balygy tutan nemes Stefan Sýuzyň rekordyny täzeledi. Ol öz awuny foto we wideo düşürip, suwa goýberdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň