6-njy iýunda Tbiliside, ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-gruzin toparynyň çäginde iki ýurduň telekeçileriniň, şeýle hem Türkmenistan we Gruziýanyň söwda-senagat edaralarynyň wekilleriniň arasynda ikitaraplaýyn duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň we Gruziýanyň işewür toparlarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi, hususan-da, senagat, energetika, oba hojalygy we ulag pudaklarynda bar bolan iri söwda-ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gatnaşanlar milli önümleri mahabatlandyrmak, işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, maýa goýumlaryny çekmek we kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek üçin taraplaryň söwda-ykdysady çärelere gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.
Duşuşygyň dowamynda iki ýurduň milli ykdysadyýetiň ösmegine, häzirki zaman senagat, maliýe we söwda infrastrukturasynyň emele gelmegine, telekeçilik işi üçin amatly şertleriň döredilmegine, telekeçiligiň ähli görnüşiniň hemmetaraplaýyn ösmegine, işewür toparlarynyň arasynda söwda-ykdysady, ylmy-döredijilik gatnaşyklarynda iki ýurdyň söwda-senagat edaralarynyň ähmiýeti bellenildi.
Taraplar şeýle duşuşyklaryň geçirilmeginiň söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösmegine, eksport mümkinçilikleriniň ýokarlanmagyna we ikitaraplaýyn ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygynyň pugtalanmagyna goşant goşýandygyny bellediler.