«AkDag» kärhanasy ýeňil we berk panjurlary ýasaýar hem-de gurnap berýär

09:3906.06.2023
0
22456

«AkDag» kärhanasy standart görnüşdäki hem-de deşikli panjurlary (tigirçekli daşky metal gorag tutulary) taýýarlamak we gurnap bermek işlerini ýerine ýetirýär.

Panjurlar dükanlarda, kafelerde, restoranlarda penjireleri we tekjeleri goramak üçin, şeýle hem girelge gapylaryň goraglylygy üçin giňden ulanylýar. Panjurlar ýeňil hem-de çydamly metaldan ýasalýar, käwagt bolsa olarda perforasiýa — daşyndan gurşawyň içini görmek üçin uly bolmadyk deşikler goýulýar.

Ýygnalan görnüşde panjur kiçelip, özbaşdak gaba sygýar we uly ýer tutmaýar. Bu hili tigirçekli örtükler diňe bir tozandan, ýelden, sowukdan ýa-da ýagyşdan däl-de, eýsem ogrulyk we döwme synanyşyklaryndan hem ygtybarly goraýar.

«AkDag» kompaniýasy şeýle hem bassyrmalary, karnizleri, pergolalary, metal we PWH profilleri, şlagbaumlary, süýşürilýän gapylary we awtomatiki derwezeleri öndürmek hem-de gurnamak hyzmatlaryny hödürleýär. «AkDag» ýokarda görkezilen enjamlary öndürýän «Asaş» türk kompaniýasynyň resmi paýlaýjysy bolup durýar.

«AkDag» kompaniýasynyň ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., Bagtyýarlyk etraby, Gurtly ýaşaýyş toplumy 6-7 2/23 jaý.

Telefon belgileri: (+993 65) 69 11 53, (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66.

Elektron poçtasynyň salgysy: info@akdagtm.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň