Soňky habarlar

Arhiw

«AkDag» kompaniýasy tigirçekli gabsalary, süýşýän gapylary, tentleri we beýleki gorag enjamlaryny taýýarlaýar hem-de gurnaýar

11:0128.04.2023
0
26792

«AkDag» kompaniýasy tigirçekli gabsalary, şlagbaumlary, awtomatik derwezeleri we süýşýän gapylary, pergolalary hem-de beýleki örtük görnüşlerini we gilýotin aýna ulgamlaryny öndürmek hem-de gurnamak boýunça giň gerimli hyzmatlaryny hödürleýär. Şeýle hem kompaniýa 24/7 tertipde ýokarda agzalan ähli enjamlary bejermek we tehniki taýdan abatlamak hyzmatyny amala aşyrýar.

Gilýotin panorama aýna ulgamy – iň meşhur häzirki zaman dizaýn çözgütleriniň biridir. Aýnanyň bu görnüşi penjiräniň daşynda ajaýyp görnüşi emele getirýär, giňişlik duýgusyny döredýär, otagy ýagtylyk bilen doldurýar, şeýle hem şemala, tozana we köçeden gelýän seslere garşy ygtybarly gorag hökmünde çykyş edýär.

Markizalar (penjirelerdäki bassyrmalar) we pergolalar (telär-besedkanyň bir görnüşi) tomusda yssy Gün şöhlesinden goramak üçin ajaýyp çözgüt bolar. Nusgalaryň dürli görnüşleri olary islendik interýer we eksterýer bilen birleşdirmäge mümkinçilik berýär. Markizalaryň taýýarlanylýan materialy suwy we hapany itiji aýratynlyga, durnukly reňke we ekologik taýdan arassa häsiýete eýedir, mundan başga-da, tenti dolandyrmagyň görnüşini – elden hem-de pult ýa-da smartfon arkaly uzakdan awtomatik dolandyrmagy saýlamak mümkindir.

«AkDag» kompaniýasy «Sinus Electronic» kärhanasynyň şlagbaumlaryny we süýşýän gapylary gurnaýar. «Sinus Electronic» kärhanasynyň önümleri ygtybarlylygy, sessizligi we ulanyşda ýeňilligi bilen tapawutlanýarlar. Şlagbaumlar we süýşýän gapylar köp gatnawly hem-de howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek zerur bolan ýerlerde – söwda merkezlerinde, awtoulag duralgalarynda, howa menzillerinde, ýangyç bekedinde örän uly ähmiýete eýedirler.

«AkDag-yň» deşikli (perforirlenen) panžurlar (metaldan gulplanýan tigirçekli gabsalar) söwda merkezlerinde we köp gatnawly köçelerde, restoranlarda, sergi otaglarynda, ofislerde gapylary we dükan penjirelerini goramak üçin zerurdyr. Perforasiýa – ýeňil metal listdäki uly bolmadyk deşikler ýagtylygy geçirýär we otagyň içinde bolup geçýän zatlary daşardan barlamaga mümkinçilik berýär.

«AkDag-yň» önümleri bilen has içgin tanyşmak we sargyt etmek üçin şu salga ýüz tutup bilersiňiz: Aşgabat, Gurtly ýaşaýyş toplumy, B43.

Habarlaşmak üçin telefon belgileri:

  • hyzmat ediş gullugy: (+993 65) 69 11 53;
  • ofis: (+993 65) 71 30 55, (+993 65) 71 30 66.

Elektron poçta: akdagtm@gmail.com

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň