Köpçülikleýin welosipedli ýörişiň geçirilýändigi sebäpli 3-nji iýunda günüň birinji ýarymynda Aşgabadyň dört köçesinde ulaglaryň hereketleri bölekleýin togtadylar. Bu barada Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Ýol gözegçilik gullugy Türkmenportala habar berdi.
Habarda ulaglaryň hereketiniň Bekrewe köçesi, Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýollary boýunça Galkynyş köçesine çenli bölekleýin togtadyljakdygy bellenilýär.
Ulagly geçmek üçin Arçabil, Garaşsyzlyk we Türkmenbaşy şaýollary boýunça hereket etmek maslahat berilýär.
Awtoulag eýelerine ýoluň gyrasynda awtoulag goýmagyň köpçülikleýin herekete gatnaşýanlaryň ählisi üçin çynlakaý päsgelçilik döredýändigi ýatladylýar.
Şäherde ulag hereketiniň çäklendirilmeginiň Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG Baş Assambleýasynyň 72-nji mejlisinde 2018-nji ýylyň aprelinde döredilen Bütindünýä welosiped gününi bellemek bilen baglanyşyklydygyny bellemek gerek.