Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

«AMAKids» akademiýasy iňlis dili we mental arifmetika boýunça tomusky okuwlara çagyrýar

17:1201.06.2023
0
16461

Tomusky dynç alyş möwsüminiň hepde günlerini diňe dynç almaga däl-de, eýsem wagtyňy gyzykly zatlara, mysal üçin täze öwredijilikli bilimleri özleşdirmäge, käbir mekdep sapaklaryny çuňňur özleşdirmäge, bilimiňi artdyryp, indiki okuw ýylyna oňat taýýarlanmaga hem sarp etmek bolar.

Çagalaryň bilim başarnyklaryny kämilleşdirýän «AMAKids» akademiýasy çagalara we ýetginjeklere tomus dynç alşyny täsin pursatlara besläp, dynç alşyň belli bir döwrüni peýdaly geçirmäge çagyrýar hem-de iňlis dili we mental arifmetika boýunça tomusky okuwa kabul edişligiň başlaýandygyny yglan edýär.

Mental arifmetika soňky ýyllarda çagalaryň akyl-düşünjesini, pikirlenişini ösdürmegiň meşhur usuly hökmünde giň gerime eýe bolup, ýatdan hasaplamagy özleşdirmegiň usulydyr, ol kalkulýatordan ýa-da kagyzdan peýdalanmazdan, aňda ähli arifmetiki amallary ýerine ýetirmäge mümkinçilik berýär. Mental arifmetika sapaklary ýady we ünslüligi ösdürýär, aňda maglumatlary gaýtadan işlemegiň tizligini ýokarlandyrýar, uly mukdarly sanlary hasaplamakda çekinmegi ýeňip geçýär, netijede bolsa matematika söýgüsini döredýär. Bu sapagyň öwrenilmeginde çaganyň beýnisiniň iki ýarym şary hem işjeň bolýar.

Häzirki döwürde iňlis dilini bilmek geljekde uly hünär ýoluny gurmagyň esasy başlangyçlarynyň biridir. «AMAKidsde» iňlis dilini öwretmegiň usulyýeti sözleriň we grammatikanyň mehaniki ýatda saklanylmagyna esaslanman, eýsem çaga oýnuň esasynda maglumat öwrenmäge mümkinçilik berýän ýörite mnemotehnikalara esaslanýar. Munuň netijesinde bolsa çaga geljekde iňlis dilinde suwara geplemäge, hatda iňlis dilinde pikirlenmäge-de ukyply bolýar.

«AMAKids» akademiýasynda barlap görmek üçin ilkinji synag sapagy tölegsizdir.

«AMAKids» okuwlaryna ýazylmak ýa-da okuwlar bilen bagly islendik gyzyklandyrýan sowallar bilen ýüz tutmak üçin telefon belgileri: (+993 63) 63 91 92, (+993 62) 52 56 38 и (+993 62) 20 64 19.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň