Döwletliler köşgünde Çagalary goramagyň halkara güni dabaraly bellenildi

13:1101.06.2023
0
19581

Şu gün, bütin dünýä ýurtlarynda bolşy ýaly, Türkmenistanda hem giňden bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenilýän çagalara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan sowgatlar gowşuryldy.

Bu ýerde zehinli çagalar ajaýyp aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler. Şeýle-de bu ýerde çagalaryň çeperçilik işleriniň sergisi ýaýbaňlandyryldy.

Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli sowgatlaryň gowşurylyş dabarasynda Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalar hem-de bu köşgüň uçurymlary Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa we türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa özleri hakynda edilýän tagallalar, döredilýän şertler üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler. Zehinli çagalar joşgunly aýdym-sazlary ýerine ýetirdiler.

Sungat ussatlarynyň, estrada artistleriniň çykyşlary dabaranyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

Soňra Döwletliler köşgünde terbiýelenilýän çagalara we köşgüň uçurymlaryna Prezident Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň baýramçylyk mynasybetli iberen süýjülik torty dadyryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň