Turkmenportal logo
31.05.23
2113821138
Sosial ulgamda paýlaşmaktelegram iconOk iconVk iconTwitter (X) icon
Türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildi
Türkmen-rumyn geňeşmeleri geçirildiSurat: mfa.gov.tm

Şu gün Buharest şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralaryň arasynda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny tükellemek we kämilleşdirmek meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.


Geňeşmeleriň dowamynda taraplar iki ýurduň arasyndaky hereket edýän we güýjüni ýitiren döwletara, hökümetara we pudagara şertnamalardyr beýleki resminamalaryň, şeýle hem işlenilýän taslamalaryň sanawyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.


Geňeşmeler türkmen-rumyn gatnaşyklaryna mahsus bolan dostlukly we işjeň ýagdaýynda geçdi. Şeýle hem diplomatlar ikitaraplaýyn şertnama-hukuk ulgamyny giňeltmek mümkinçiligi bolan ugurlary kesgitlediler.