Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenistan — BMG” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi

06:4004.05.2024
0
6048

Daşary işler ministrliginiň binasynda 3-nji maýda utgaşykly görnüşde “Türkmenistan — Birleşen Milletler Guramasy” strategik maslahat beriş geňeşiniň birinji mejlisi geçirildi. Maksatnama laýyklykda, mejlis iki sessiýanyň çäklerinde guraldy. Bu barada TDH ýazýar.

Bellenilişi ýaly, birinji sessiýanyň dowamynda “Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny” taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilmeli işler ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikinji sessiýada taraplar durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň geljegi, şol sanda bilelikdäki taslamalar boýunça pikir alyşdylar. Şeýle-de ulgamlaýyn işler üçin şertleri döretmek maksady bilen, strategik maslahat beriş geňeşiniň çäklerindäki hyzmatdaşlygyň mehanizmini işläp taýýarlamak meselesine garaldy.

Mejlisiň dowamynda «Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmegiň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasyny» işläp taýýarlamak boýunça “Ýol kartasy” tassyklanyldy hem-de ýaşlar syýasaty, sanlylaşdyrma, demografiýa, “ýaşyl” energetika, howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar boýunça 8 sany taslama seredildi.

Duşuşygyň ahyrynda daşky gurşawy goramak, saglygy goraýyş, oba hojalygy ýaly möhüm ugurlara degişli birnäçe resminamalara gol çekmek dabarasy boldy. Şolaryň hatarynda:

Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ilatly nokatlar boýunça maksatnamasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;

Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Howanyň üýtgemegine garşy durnukly suw dolandyryşy üçin mümkinçilikleri artdyrmak» atly taslama resminamasy;

Türkmenistanyň Oba hojalyk ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Öri meýdanlary durnukly dolandyrmak üçin sanly çözgütleri işläp düzmek» atly taslama resminamasy;

Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasynyň arasynda «Akwa önümçiligi üçin iýmitleriň önümçilik-ýerlemek zynjyrynyň we suw haýwanlarynyň saglygyny goramagy dolandyrmagyň netijeliliginiň ösüşi» atly taslama resminamasy;

Türkmenistanyň Hökümeti bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň arasynda 2024-2025-nji ýyllarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan ýokanç kesellere gözegçilik etmek üçin saglygy goraýyş maksatly serişdeleri satyn almak hakynda Ylalaşyk;

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasy bilen BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Türkmenistandaky wekilhanasynyň arasynda «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmak» atly üýtgetme girizilen taslama resminamasy bar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň