Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygynyň biraýlygy geçiriler

08:3625.08.2015
0
1832

Sentýabr aýynda Türkmenistanda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk geçiriler. Bu babatda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň 24-nji awgustda geçiren göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda habar berildi. Biraýlygyň ilkinji gününde paýtagtymyzyň günorta künjeginde gurlan Çagalar awtoşäherçesiniň açylyp, ulanylmaga berilmegi meýilleşdirilýär.

 “Ýol hereketiniň howpsuzlygy—ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlygyň oňyn netije berýändigini belläp, Türkmenistanyň Prezidenti häkimler bilen bilelikde ýurdumyzyň welaýatlarynda awtomobil ýaryşlaryny geçirmek üçin  ýörite awtodromlary we ýollary gurmak, bu desgalarda ýaşlaryň we uly ýaşly adamlaryň ýol hereketiniň kadalaryny, ulag serişdelerini dolandyrmagyň endiklerini öwrenmeklerini guramak boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýokary tizlikli ulag ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýän ýörite ýollaryň gurulmagynyň zerurdygyna ünsi çekip, bu ýollaryň ýaşlaryň awtomobil sporty boýunça geçirilýän iri halkara ýaryşlaryna gatnaşmaklary üçin zerur mümkinçilikleri döretjekdigini belledi.

Döwlet Baştutany ýaşlaryň awtomobil sportuna işjeň çekilmeginde möhüm ähmiýeti bolan Çagalar awtoşäherçesiniň açylyş dabarasyny ýokary derejede geçirmek bilen baglanyşykly meseleleri üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň