Ýanwar — aprel aýlarynda 3,41 milliard dollarlyk türkmen gazy Hytaýa eksport edildi

13:5823.05.2023
0
49354

Türkmenistan mart aýynda Hytaýa iberilýän tebigy gazyň mukdaryny 2022-nji ýyldaky iň ýokary derejä ýetirdi. Has takygy, 2023-nji ýylyň mart aýynda Hytaýa 2,9 milliard kub metr türkmen gazy iberildi. Deňeşdirmek üçin, bu görkeziji şu ýylyň ýanwar aýynda 2,2 milliard kub metre, fewral aýynda bolsa 2,4 milliard kub metre deň bolupdy. Bu barada Hytaýyň Gümrük müdirligine salgylanyp, Finmarket habar berýär.

2023-nji ýylyň ýanwar — aprel aýlarynda Hytaýa turbageçirijiler arkaly iberilen türkmen gazynyň umumy bahasy 3,41 milliard amerikan dollaryna (geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirileninde 18,9 göterim ýokary) deň bolup, Türkmenistan bu babatda Russiýa Federasiýasyndan öňe geçdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň