Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi

21:5621.05.2023
0
25595
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Hökümet mejlisini geçirdi
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Bellenilişi ýaly, mejlisde käbir resminamalaryň taslamalaryna garaldy. Şeýle-de beýleki möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ilki bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli parlamentiň alyp barýan işleri barada maglumat berdi. Şeýle-de ol Prezident Serdar Berdimuhamedowa hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Aşgabat şäheriniň Parahat-7 ýaşaýyş toplumynda döwrebap ýaşaýyş jaýynyň gurlup ulanmaga berlendigi üçin Mejlisiň deputatlarynyň adyndan hoşallygyny beýan etdi.

Mejlisiň barşynda wise-premýerler, daşary işler ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji W.Hajiýew, şeýle-de Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory gözegçilik edýän düzümlerinde alnyp barylýan işler, olaryň netijeleri, şol sanda pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreler, degişli ugurlar boýunça türkmen wekiliýetleriniň daşary ýurtlara saparlary we olaryň jemleri, döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, öňde boljak çärelere görülýän taýýarlyk işleri barada hasabatlary berdiler.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, ýurduň dürli toplumlarynda, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda alnyp barylýan işler, öňde boljak çäreler, pudaklary mundan beýläk-de ösdürmek ugrundaky wezipeler bilen baglylykda, degişli ýolbaşçylara anyk tabşyryklarydyr görkezmeleri berdi.

Mejlisiň dowamynda döwlet Baştutany oňa gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ulag-kommunikasiýa ugruna degişli täze Kararnamanyň kabul edilmeginiň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara abraýynyň barha ýokarlanýandygynyň nobatdaky aýdyň güwäsidigini kanagatlanma bilen belläp, ýurduň bu halkara üstünligi bilen Hökümet agzalaryny we ähli türkmen halkyny tüýs ýürekden gutlady.

Sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy. Olar boýunça degişli çözgütleri kabul edip, döwlet Baştutany mejlisi jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň