Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen alymlary Gruziýanyň arhiwinde duşuşyk geçirdiler

09:0720.05.2023
0
25276
Türkmen alymlary Gruziýanyň arhiwinde duşuşyk geçirdiler
Surat: mfa.gov.tm

Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen konferensiýa gatnaşmak üçin Gruziýa gelen türkmen wekiliýetiniň saparynyň çäginde Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň wekillerini Gruziýanyň Korneli Kekelidze adyndaky Milli golýazmalar merkezi bilen tanyşdyryş çäresi guraldy.

Türkmenistanyň Gruziýadaky ilçihanasy tarapyndan guralan çärede myhmanlar merkeziň arhiwinde saklanýan taryhy golýazmalar, taryhy ähmiýete eýe bolan arap, pars we türk dillerinde neşir edilen resminamalar ýygyndylary bilen tanyşdylar. Şeýle hem saparyň dowamynda Merkeziň müdiri Zaza Abaşidze bilen hem duşuşyk geçirildi. Onda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar instituty bilen Gruziýanyň Milli golýazmalar merkeziniň arasynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Taraplar iki ýurduň alymlarynyň arasynda gönüden-göni gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, ylmy hyzmatdaşlygyň çuňlaşdyrylmagy, halkara derejesinde bilelikdäki çäreleriň geçirilmegi iki halkyň arasyndaky medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny berkitmäge ýardam berjekdigini bellediler. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň resmi saýtynda habar berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň