Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Mejlisi ÝHHG-niň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde halkara maslahat geçirdi

22:4416.05.2023
0
16945

16-njy maýda Aşgabatdaky «Ýyldyz» myhmanhanasynda «ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahat geçirildi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berilýär. Bellenilişi ýaly, çäräni Türkmenistanyň Mejlisi Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy bilen bilelikde gurady.

Adamzadyň bagtyýar geljeginiň bähbidine howpsuzlygy, berk we durnukly parahatçylygy üpjün etmek boýunça ählumumy çemeleşmäni ilerletmek, oňa ýardam bermek «Herekete çagyryş — Helsinki+50» başlangyjynyň çäklerinde geçirilýän bu möhüm köptaraplaýyn duşuşygyň esasy maksadydyr.

Ýurduň täze taryhyndaky şanly seneleriň biri bolan Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününiň öňüsyrasynda geçirilýän bu foruma gatnaşmak üçin Aşgabada Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň ýolbaşçysy Margareta Sederfelt, ÝHHG-niň Parlament Assambleýasynyň edarasynyň agzalary, halkara bilermenler, görnükli jemgyýetçilik we syýasy işgärler, birnäçe ýurtlaryň, şol sanda Awstriýanyň, Italiýanyň, Germaniýanyň, Polşanyň, Şweýsariýanyň we Fransiýanyň, sebitiň ýurtlary bolan Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň parlamentarileri geldiler. Şeýle-de duşuşyga Türkmenistanyň käbir ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurtdaky diplomatik wekilhanalaryň we abraýly halkara guramalaryň ýolbaşçylary, ýokary okuw mekdepleriniň, türkmen we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy.

BMG-niň Baş sekretarynyň Ýewropa, Merkezi Aziýa, Demirgazyk we Günorta Amerika ýurtlary boýunça kömekçisi, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň wezipesini ýerine ýetiriji Miroslaw Ýença sanly ulgam arkaly çykyşynda netijeli halkara dialogyň ilerledilmeginde we öňüni alyş diplomatiýasynyň gurallarynyň işjeň peýdalanylmagynda Türkmenistanyň eýeleýän ornuna ýokary baha berdi. Hususan-da, türkmen tarapynyň energetika we ulag diplomatiýasynyň mehanizmlerini netijeli peýdalanmak, Owganystandaky ýagdaýy parahatçylykly ýollar arkaly gowulandyrmak, goňşy döwletler bilen tutuş sebitiň bähbidine gönükdirilen bilelikdäki taslamalary amala aşyrmak boýunça başlangyçlarynyň wajypdygy bellenildi.

Çykyş edenler türkmen döwletiniň bu ugurda alyp barýan anyk işleriniň ähmiýetine ýokary baha bermek bilen, Türkmenistanyň köp ýyllaryň dowamynda sebit we halkara dialogy ösdürmek meselelerinde işjeň orun eýeläp, ÝHHG-niň, beýleki halkara guramalaryň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini nygtadylar.

Halkara maslahatyň barşynda geçirilen iş mejlisleriniň ikisinde polýar geosyýasat bilen baglylykda, bitarap giňişligiň ähmiýeti we ÝHHG-niň howandarlygynda umumy maksatlary hem-de wezipeleri ilerletmekde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän orny ara alnyp maslahatlaşyldy. Ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn esasdaky netijeli döwletara gatnaşyklaryň möhüm bölegi bolup çykyş edýän parlamentara hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy. Umumy pikire görä, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň milli parlamentleriniň «Gün tertibi — 2030-yň» durmuşa geçirilmegine, Durnukly ösüş maksatlarynyň gazanylmagyna işjeň ýardam bermäge zerur mümkinçilikleri bardyr. Çykyşlarda parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ýaş parlamentarileriň hyzmatdaşlygyny goldamak, zenan deputatlaryň işjeňligini ýokarlandyrmak boýunça Türkmenistanyň başlangyçlary hem-de teklipleri aýratyn bellenildi.

«ÝHHG-niň çäginde howpsuzlygy, durnuklylygy we dialogy berkitmekde bitarap döwletleriň orny» atly halkara maslahata daşary ýurtly gatnaşyjylar üçin iş duşuşyklaryndan başga-da, muzeýlere, Halkara ahalteke atçylyk sport toplumyna baryp görmegi, Aşgabat şäheri boýunça gezelençleri öz içine alýan medeni maksatnama taýýarlanyldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň