Serdar Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesinde FIFA-nyň prezidenti bilen duşuşdy

22:0404.05.2023
0
28068
Serdar Berdimuhamedow Olimpiýa şäherçesinde FIFA-nyň prezidenti bilen duşuşdy
Surat: tdh.gov.tm

Şu gün Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistana gelen Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino bilen Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň «Olimpiýa» stadionynda duşuşyk geçirdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Döwlet Baştutany sahawatly türkmen topragynda Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti Janni Infantinony mähirli mübärekläp, ilki bilen ony Halkara Futbol federasiýasynyň prezidenti wezipesine gaýtadan saýlanylmagy bilen gutlady hem-de oňa bütin dünýäde futboly ösdürmek ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow geçen ýylyň dekabr aýynda Katar Döwletiniň paýtagty Doha şäherinde Futbol boýunça dünýä çempionatynyň oýunlarynyň geçirilen wagtynda bolan duşuşygy hem-de şol duşuşykda Türkmenistana gelip görmek baradaky çakylygyň kabul edilendigini ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny aýtdy.

Döwlet Baştutany dünýä futboluny ösdürmekde FIFA-nyň eýeleýän uly ornuny belläp, Türkmenistanyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga hem-de meşhur we hemmeleriň söýýän sportuň bu görnüşini giňden ýaýratmak üçin halkara derejede tagallalaryň birleşdirilmegine uly ähmiýet berýändigini aýratyn belledi.

Halkara Futbol federasiýasynyň — FIFA-nyň prezidenti ilki bilen Prezident Serdar Berdimuhamedowa ajaýyp Türkmenistana gelmäge çakylygy hem-de duşuşmaga wagt tapyp kabul edendigi we mähirli garşylandygy, şeýle-de sportuň, bedenterbiýäniň ösdürilmegini döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hataryna çykaran Türkmenistanyň gazananlary bilen ýakyndan tanyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi.

— Men Aşgabatda bolýandygym üçin bagtlydyryn. Bu şäheriň gözelligi hem-de bagy-bossanlyga bürenen keşbi örän ýokary baha mynasypdyr — diýip, Janni Infantino Aşgabadyň özünde galdyran täsirlerini beýan etdi.

— Adam, onuň saglygy we abadançylygy baradaky alada hem söýgä ýugrulan şunuň ýaly ajaýyp ýurtda sport, esasan-da, futbol hökman ösdüriler. Ýokary depginli senagat ösüşiniň häzirki zamanynda adam saglygyny berkitmekde sportuň orny ähli döwürlerdäkiden has ýokarlandy we Siziň ýurduňyzda munuň üçin ähli şertler döredilipdir — diýip, myhman belledi.

Söhbetdeşlikde FIFA-nyň ýolbaşçysy şu duşuşygyň Merkezi Aziýada örän iri «Olimpiýa» stadionynda geçirilmegine hut özüne we futbola bildirilýän aýratyn sarpanyň nyşany hökmünde baha berýändigini aýtdy.

— Biz Siziň bu gezekki saparyňyza Türkmenistanyň futbol taryhynda möhüm waka hökmünde garaýarys. Siziň Aşgabatda bolýan mahalyňyzda milli Futbol federasiýasynyň wekilleri bilen duşuşmaga hem-de bu ulgamda hyzmatdaşlygy geljekde-de ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem ýurdumyzyň sport düzümleri bilen tanyşmaga mümkinçiligiňiz bolar — diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow aýtdy.

Döwlet Baştutany myhmanyň bu saparynyň jemleriniň FIFA bilen gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem-de Türkmenistanda futboluň wagyz edilmegine täze itergi berjekdigine berk ynam bildirdi.

Soňra Prezident Serdar Berdimuhamedow FIFA-nyň prezidentine Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň 1992-nji ýylda döredilendigini aýtdy hem-de ýurtda futboly ösdürmegiň esasy tapgyrlary, onuň taryhy barada gürrüň berdi.

Söhbetdeşlikden soňra myhman, döwlet Baştutany bilen bilelikde, Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesiniň çäginde ýerleşýän köpugurly «Olimpiýa» stadionyny synlady.

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino ak mermerli Aşgabatda bina edilen dünýä ähmiýetli stadiona gelip görmegiň özi üçin garaşylmadyk sowgada öwrülendigini belläp, gyzykly we örän netijeli gezelenjiň guralandygy üçin Prezident Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň