Eýranda alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda türkmen türgenleri ýedi medal gazandylar

11:4913.08.2015
0
3722

Tähran şäherinde golaýda geçen alyş göreşi boýunça Aziýanyň çempionatynda erkekleriň we zenanlaryň arasynda türkmen türgenleri 3 altyn we 4 bürünç medal gazandylar — diýip Türkmen döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Guşakly göreş boýunça ýaryşlara Aziýa yklymynyň 10-dan gowrak döwletinden ýüzlerçe türgenler gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Milli sport we syýahatçylyk institutynyň talyplary Garmämmet Şamämmedow (80 kilograma çenli agram derejesinde) we Rejebaly Orazalyýew (100 kilograma çenli agram derejesinde), Lebap welaýatynyň merkezi şäherinden türgen zenan, 2012-nji ýylda Londonda geçen tomusky Olimpiýa oýunlarynda dzýudo boýunça ýaryşlara gatnaşan Gülnar Haýytbaýewa (63 kilogarma çenli agram derejesinde) hormat münberiniň iň ýokarky basgançagyna çykdylar.

Allanur Goçow (60 kilograma çenli agram derejesinde), Laçyn Badaglyýewa (52 kilograma çenli agram derejesinde), Aýnur Amanowa (58 kilograma çenli agram derejesinde) we Şirin Kubaýewa (77 kilogramdan ýokary agram derejesinde) bürünç medala mynasyp boldy.

Umumy toparlaýyn hasapda erkekler düzümi ýaryşda üçünji orny, zenanlar düzümi bolsa ikinji orny eýeledi. Iki topar boýunça gazanylan utuk sanlarynyň hasabynda Türkmenistanyň ýygyndysy çempionatda diňe ýer eýelerinden yza galyp, ikinji orny eýeledi.

Türkmen pälwanlary üçin bu çempionat 2017-nji ýylda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň düzümine girýän milli göreş boýunça ýaryşlara taýýarlygyň möhüm tapgyrlarynyň biri boldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň