«Çalyk Enerji» türk kompaniýasy Garagum sährasynyň merkezinde ýerleşýän «Altyn asyr» Türkmen kölüniň kenarynda iňňän döwrebap ekologik obanyň gurluşygyny alyp barar. Bu barada kompaniýanyň Baş direktorynyň Maýa goýum we gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça orunbasary Gökmen Topuz Dubaýda Türkmenistanyň energetika pudagyna daşary ýurt maýa goýumlaryny çekmek boýunça geçirilen halkara forumda mälim etdi.
«Altyn asyr» Türkmen köli dünýäde iň uly emeli suw howdanlarynyň biridir. Kölüň esasy, ikinji we üçünji derejeli köp sanly kollektorlary Türkmenistanyň ähli sebitlerinden oba hojalygynyň hapa suwlaryny we ýagyş suwlaryny ýygnaýar hem-de köle eltýär. Belläp geçsek, doly göwrümine ýetmek üçin kölüň gurluşygy henizem dowam etdirilýär.
Gurluşyk tamamlanandan soň, «Altyn asyr» kölüniň uzynlygy 2000 inedördül kilometre, çuňlugy bolsa 70 metre ýeter.
Köli doly doly doldurmak üçin 15 ýyla çenli wagt gerek bolup biler. Taslama, takmynan, 4,5 milliard ABŞ dollary möçberinde bahalandyrylýar.