Soňky habarlar

Arhiw

Pele sözlüge girdi

13:1727.04.2023
0
40370
Pele sözlüge girdi
Surat: championat.com

Braziliýaly rowaýaty futbolçy Peleniň lakamy sözlüge girizildi.

Brazil metnugatynda habar berlişine görä, futbol şasynyň lakamy Braziliýadaky portugal diliniň «Michaelis» düşündirişli sözlüginden orun aldy.

«Pele — öz zehini, ukyp-başarnygy we gadyr-gymmaty babatda başga hiç kim bilen deňeşdirip bolmajak şahsyýet.

Şu adalga ähli döwürleriň iň beýik sportçysy bolan Edson Arantis du Nasçimentunyň lakamyndan alnyp, ol «ýeke-täk», «gaýtalanmajak» ýaly manylary aňladýar.

Mysal üçin, bu jümläni «Ol basketbolyň pelesi», «ol tennisiň pelesi», «ol brzail dramaturgiýasynyň pelesi» diýen görnüşlerde ulanyp bolar» diýlip, çeşmede bellenilýär.

Ýeri gelende bellesek, aprel aýynyň başynda Peleniň gaznasy rowaýaty futbolçynyň hormatyna onuň lakamyny düşündirişli sözlüge girizmegi teklip edipdi. Bu teklip 100 müňden gowrak gol ýygnamagy başardy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň