Türkmenistanda Hytaýyň Medeniýet günleri tamamlandy

18:5607.08.2015
0
2754

6-njy awgustda türkmen paýtagtynda Hytaý Halk Respublikasynyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we hytaý artistleriniň gatnaşmagynda dostluk konserti boldy.

Jemleýji agşam Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde häzirki zaman hytaý we türkmen sungatynyň köpsanly muşdaklaryny ýygnady. HHR-nyň Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasynda bellenilişi ýaly, häzirki duşuşyk iki ýurduň sungat wekilleriniň arasynda täze netijeli döredijilik we hünär gatnaşyklaryny ýola goýmaga,   biziň halklarymyzyň dostluk we köpugurly gatnaşyklaryny berkitmäge hyzmat etdi.

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günlerine   gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ýöredýän giň halkara hyzmatdaşlyk syýasaty üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Şol syýasat parahatçylygy we halklaryň özara düşünişmegini berkitmäge, iki ýurduň döredijilik işgärleriniň arasyndaky netijeli gatnaşyklary has-da ösdürmäge ýardam edýär.  

Soňra bu ýerde guralan konsertiň maksatnamasyny türkmen we hytaý artistleriniň çykyşlary düzdi. Oňa dürli öwüşginli aýdym-sazlar, tans we akrobatik çykyşlar girdi.

Öz döredijiliginde gadymy akrobatikany dikeldýän hem-de balet tansynyň we akrobatik tärleriniň näzikligini özünde birleşdirýän täze teatrlaşdyrylan çykyşlary döredýän belli hytaý akrobatik toparynyň artistleriniň ýerine ýetirmeginde tomaşaçylar “Suw meteorlary”, “Akrobatik oýunlary”, “Saýawanlar bilen oýun görkezmek”, “Sirk halkalary bilen oýnamak” we “Balet” atly çykyşlara tomaşa etdiler.

Pekin operasynyň aýdymçysynyň çykyşy uly täsir galdyrdy. Onuň bu sintetik sungat üçin döreden keşbiniň ruhy baýlygy diňe wokal we plastika, ümler we ýüz-gözüň hereketleri bilen däl-de, eýsem, gahrymanyň häsiýet aýratynlyklaryny alamatlandyrýan dürli reňkleri bilen tapawutlanýan özboluşly grim arkaly beýan edildi.

Belli türkmen aýdymçylary we toparlary—Türkmen döwlet tans topary we “Galkynyş” döredijilik-tans topary myhmanlaryň çykyşlarynyň üstüni sazlaşykly ýetirdi. Artistler aýdymlaryň, sazlaryň, tansyň we akrobatikanyň bitewüliginiň üsti bilen tomaşaçylara milli medeniýetleriň özboluşlylygyny açyp görkezdiler.

Gadymy türkmen tansy bolan küştdepdini ýerine ýetiren türkmen we hytaý artistleriniň bilelikdäki çykyşy tomaşaçylarda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Ýerine ýetirijileriň täsin tanslaryndan, kämil we güýçli wokalyndan ruhy lezzet alan tomaşaçylar sungat bilen ýatdan çykmajak duşuşygy peşgeş beren sahna ussatlaryna şowhun bilen el çarpdylar.

“Eziz Türkmenistanym” atly watançylyk aýdymy türkmen-hytaý dostluk baýramçylygynyň jemleýji çykyşa öwrülip, ol sahnada konserte gatnaşyjylaryň hemmesini birleşdirdi. Hut döredijilik gatnaşyklary halklara biri-birini tanamaga, ynanyşmaga we parahatçylygyň, rowaçlygyň we ählumumy ösüşiň bähbidine netijeli gatnaşmaga ýardam edýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň