Soňky habarlar

Arhiw

TÝL: «Köpetdag» ikinji tapgyrda myhmançylykda «Energetikden üstün çykdy

23:4418.04.2023
0
35788

Futbol boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň ikinji tapgyrynda «Köpetdag» myhmançylykda Marynyň «Energetik» toparyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Oýnuň hasaby 38-nji minutda «Köpetdagyň» ýarymgoragçysy Öwezbaý Muhammetmyradow tarapyndan açyldy. 89-njy minutda bolsa Myrat Amantaganow myhmanlaryň ikinji goluny öz adyna ýazdyrdy.

Şeýlelikde, «Köpetdag» ikinji tapgyrdan soňra utuklarynyň sanyny 6-a ýetirip, turnir tablisasynyň birinji bsgançagyndaky ornuny berkitdi. Bassyr ikinji sapar ýeňlişe sezewar bolan «Energetik» bolsa, hiç hili utuksyz iň soňky orunda barýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň