Soňky habarlar

Arhiw

Moskwa halkara uniwersitetinde okamak üçin talyplaryň güýzki kabul edişligi yglan edildi

09:5813.04.2023
0
35660

Moskwa halkara uniwersitetiniň Türkmenistandaky resmi wekili bolan «Iş Nokady» kompaniýasy MHU-da uzak aralykdan bilim almak üçin güýzki kabul edişligiň başlanandygyny habar berýär.

Moskwa halkara uniwersitetinde bilim almak – häzirki zaman talap edilýän hünäri ele almak, peýdaly gatnaşyklary ýola goýmak, bar bolan başarnyklary ösdürmek we täze dostlary edinmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

Uzak aralykdan okuw formaty okuwy ýurtdan çykman, iş bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berýär, şol bir wagtyň özünde, uzak aralykdan bilim alýan talyplar hem talyplar jemgyýetiniň doly derejeli agzalarydyr. MHU-nyň onlaýn okuw maksatnamalary häzirki zaman we aktual bilim tehnologiýalaryna esaslanýar.

MHU-da aşakdaky ugurlar boýunça bilim almak mümkindir:

1. Ykdysadyýet:

  • buhgalteriýa, derňew we audit;
  • sanly ykdysadyýetde maliýe;
  • kärhanalaryň we guramalaryň ykdysadyýeti.

2. Menejment:

  • guramanyň menejmenti;
  • telekeçilik we işewürligi dolandyrmak.

3. Işgärleri dolandyrmak:

  • guramanyň we döwlet gullugynyň işgärlerini dolandyrmak.

4. Döwlet we munisipal häkimligi:

  • sebit we şäher häkimligi.

5. Hukukşynaslyk:

  • raýat hukugy;
  • jenaýat kanuny.

6. Psihologiýa:

  • psihologik maslahat.

7. Mahabat we jemgyýetçilik bilen gatnaşyklar:

  • mahabat we marketing kommunikasiýalary, PR.

8. Žurnalistika:

  • köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň žurnalistikasy.

9. Lingwistika:

  • daşary ýurt dillerini we medeniýetlerini okatmagyň nazaryýeti we usullary (iňlis + nemes/fransuz dilleri).

2023-nji ýylyň 1-nji iýulyndan öň kabul edilenler üçin okuwda 30 göterim arzanladyş hereket edýär.

Has giňişleýin maglumat üçin şu salgy arkaly maslahat sapaklaryna ýazylmak zerurdyr.

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň