Halkara IT-akademiýasy «ITEA» mukaddes Remezan aýynyň tamamlanmagy we Oraza baýramy mynasybetli aşakdaky ugurlar boýunça 30% arzanladyş yglan edýär:
- programmirlemegiň esaslary: programmirlemekde we programma üpjünçiligini döretmegiň ýörelgelerinde binýatlyk bilimler;
- grafiki dizaýn.
«Programmirlemegiň esaslary» boýunça sapaklarda okuwçylar wezipeleri seljermek, programma algoritmlerini gurmak, üýtgeýjiler, funksiýalar we wakalar bilen işlemek, bir ölçegli we iki ölçegli maglumat massiwleri bilen işlemek, programmirlemegiň esasy düşünjelerine görä hereket etmek başarnyklaryny ele alarlar, şeýle hem programmirlemegiň haýsy ugrunyň özlerine has ýakyndygyny kesgitläp bilerler.
«ITEA-da» grafiki dizaýn boýunça bilim almak grafiki dizaýneriň esasy gurallary bolan «Adobe Photoshop» we «Adobe Illustrator» programmalary bilen işlemek endiklerini özleşdirmäge, reňk teoriýasyny we olaryň dogry utgaşdyrylmagyny, tekstler, tipografiýa we kompozisiýa bilen işlemegi öwrenmäge mümkinçilik berýär.
«ITEA» Halkara IT-akademiýasyndaky arzanladyşlar 21-nji aprele çenli hereket edýär.
Şeýle hem «Iş Nokady» kompaniýasy «Coddy» çagalar üçin programmirleme mekdebiniň aşakdaky ugurlar boýunça okuwlarda 30% arzanladyş yglan edýändigini habar berýär:
- CS50 Garward okuwy;
- «Blender» programmasynda oýun esasynda 3D modelirleme;
- «Python-da» botlary döretmek boýunça okuw;
- «Minecraft» üçin modlary işläp düzmek;
- Unity 3D;
- «Roblox Studio-da» oýun döretmek;
- Minecraft: emeli intellekte giriş;
- «Python-da» oýunlary programmirleme.
Maslahat almak üçin ýüztutmalar şu salgy boýunça kabul edilýär. Şeýle hem (+993 63) 42 67 51, (+993 63) 47 11 92 telefon belgilerine jaň edip, gyzyklandyrýan soraglaryňyza jogap alyp bilersiňiz.