Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogandan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa hem-de Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa türkmen döwletiniň Baştutanynyň enesi, şeýle-de türkmen halkynyň Milli Lideriniň mähriban käbesi Ogulabat Berdimuhamedowanyň aradan çykmagy zerarly gynanç hatlary gelip gowuşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.
— Gadyrly doganym! Siziň eneňiz – Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary uly gynanç bilen kabul etdim. Goý, Siziň eneňiz baradaky mähirli ýatlamalar we onuň öwüt-ündewleri Size güýç-kuwwat bersin! Şu agyr pursatda Size gynanjymy beýan etmek bilen, maşgalaňyza abadançylyk dileýärin — diýip, Rejep Taýyp Ärdogan Prezident Serdar Berdimuhamedowa ýollan gynanç hatynda ýazýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa iberen gynanç hatynda bolsa Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti:
— Gadyrly doganym! Mähriban käbäňiz Ogulabat ejäniň aradan çykandygy baradaky habary çuňňur gynanç bilen kabul etdim. Mähriban käbäňiz baradaky mähirli ýatlamalar Size medet berer diýip umyt edýärin. Mübärek Remezan aýyndaky şu agyr ýitgi zerarly ýürekden gynanjymy beýan edýärin. Merhuma Allatagaladan rehmet, maşgalaňyza we ýakynlaryňyza sabyr-takat hem-de ruhy durnuklylyk dileýärin — diýip belleýär.