Türkiýe «TOGG» kysymly elektromobillerini Türkmenistana we Özbegistana bölekleýin iberer. Muny Türkiýäniň daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu mälim etdi diýip, «TRT Haber» teleýaýlymy habar berýär.
Mewlüt Çawuşoglu bütin dünýäde, esasan-da türki döwletlerde bu elektromobillere uly gyzyklanma bildirýändigini aýtdy. Ýakynda «TOGG» elektomobili Bakuwda Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe gowşuryldy. Çawuşoglunyň bellemegine görä, bu awtoulaglar Türkmenistana hem iberiler. Türkmenistan üçin öndüriljek awtoulag bir aýyň dowamynda taýýarlanylar we olar ak reňkde bolar.
Ilkinji «TOGG» türk elektomobili 2022-nji ýylyň oktýabrynda gurnamadan çykdy. Ýaş türk brendi sedanlary we krossowerleri öndürer. Öndürijiniň pikiriçe, krossowerler 100 km/sag tizlige 4,8 sekuntda ýetmäge ukyply bolar, şeýle hem 30 minutda 80%-e çenli çalt kuwwat bermek mümkinçiligi bolan 500 km ýol geçmäge mümkinçilik berýän batareýa bilen enjamlaşdyrylandyr. Işjeň we passiw howpsuzlygyň Euro NCAP bahalandyrmasynda türk awtoulagy 5 ýyldyz aldy.
2023-nji ýylyň 14-nji martynda «TOGG T10X» awtoulaglary deslapky sargyt boýunça satuwa çykaryldy. Awtoulagyň 314 km ýol geçen adaty wersiýasy 923 müň türk lirasy, 523 km ýol geçen wersiýasy bolsa 1,215 million türk lirasy möçberinde bahalandyrylýar.
Bu elektomobilleri I taýýarlaýan zawodyň kuwwaty ýylda 175 müň birlik öndürmäge ýetýär. 2030-njy ýyla çenli «TOGG» kysymly elektomobillerinden 1 million sanysyny ýygnamak meýilleşdirilýär.
Belläp geçsek, «TOGG» ilkinji gezek 2019-njy ýylda tanyşdyryldy. Kompaniýa ýurduň dürli sebitlerini alamatlandyrýan alty reňkde bäş modeli ýygnaýar.