Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky ilçisi Esen Aýdogdyýew Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ulag meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň başlygy Gennadi Bessonow bilen duşuşdy.
Türkmenistanyň Moskwadaky diplomatik wekilhanasynyň habar bermegine görä, duşuşygyň dowamynda GDA-nyň çäginde ulag we logistika ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.
Hususan-da, «Ulag hepdeligi — 2024-iň» çäklerinde noýabr aýynda Moskwada geçirilmegi meýilleşdirilýän Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ulag meseleleri boýunça hökümetara utgaşdyryjy geňeşiniň 44-nji mejlisine görülýän taýýarlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Taraplar Demirgazyk — Günorta halkara ulag geçelgesiniň Gündogar şahasynyň, Türkmenbaşynyň halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak hem-de Astrahan sebitindäki aýratyn ykdysady zolagynda Türkmenistanyň logistika merkezini döretmek, şeýle-de pudaga sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak bilen bagly meýilnamalar boýunça pikir alyşdylar.